Türkmenistanyň gündogar welaýatynda oba hojalyk ulgamynyň ösüş görkezijileri barada aýdyldy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew 10-njy aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde oba hojalyk pudagynda we Lebap welaýatynda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Lebap welaýatynyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, bugdaý ýygýan kombaýnlary galla oragy möwsümine taýýarlamak üçin zerur işler geçirilýär. Sebitde gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmek, ekiş möwsüminde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary netijeli işletmek, gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere ýurdumyzda, şol sanda Lebap welaýatynda gök-bakja, beýleki azyk önümlerini öndürmek boýunça işleri dowam etdirmegi, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmagy üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Durdy Genjiýewe söz berildi. Ol sebitde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi dowam edýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary bökdençsiz işledilýär.

Sebitde ekilen ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem ýüpek gurçugyny idetmek işi alnyp barylýar. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häkime ilatyň arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz, ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy.


Yza

Şeýle hem okaň