Türkmenistan we AEHA 2030-njy ýyla çenli ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (AEHA) Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Duşuşykda soňky ýyllarda özara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyna üns çekildi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň atom energiýasyny diňe parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak ugrunda çykyş edýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin tehniki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlejek ýurt boýunça täze Çarçuwaly maksatnamany taýýarlamak meselelerine garaldy. Bu resminama ýadro lukmançylygynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen geljegi uly taslamalary amala aşyrmakda ygtybarly binýat bolar.

Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama gol çekilmeginiň we ýurdumyzyň agentlige agza bolmagynyň şanly seneleri bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabatda ýokary derejedäki sebit forumyny guramagy teklip etdi. Şeýle çäre sebitiň ýurtlarynyň we halkara bilermenleriň tagallalaryny birleşdirip, wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga ýardam eder.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen degişli düzümiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu hyzmatdaşlygyň parahatçylygyň, ösüşiň hem-de geljek nesilleriň abadançylygynyň bähbidine hyzmat etjekdigini nygtadylar.


Yza

Şeýle hem okaň