Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
Milli Liderimiz öz çykyşynda energetika hyzmatdaşlygyny durnuklylaşdyrmaga, oýlanyşykly, öňdengörüjilikli dialoga geçmäge gönükdirilen birnäçe tekliplerini beýan etdi.
Türkmenistan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça ozal öňe süren başlangyjyna ýene-de bir gezek ünsi çekýär. Howpsuzlygyň dürli ugurlarynyň bölünmezligi we özara baglanyşygy bu strategiýanyň esasy özeni bolup durýar. Şolaryň hatarynda energetika howpsuzlygy wajyp ugurlaryň biri bolup çykyş edýär. “Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny syýasylaşdyrmazlyga çagyrýar. Syýasy şertleriň öňe sürülmeginiň durnukly ösüşi haýalladýandygy we elbetde, onuň ykdysady maksadalaýyklyk bilen hiç bir umumylygynyň ýokdugy barada aýtmak artykmaç bolsa gerek” diýip, Milli Liderimiz nygtady we Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda energetika ulgamyndaky gatnaşyklary syýasylaşdyrmazlygy beýan edýän Energetika kodeksini işläp taýýarlamak meselesine seretmegi teklip edýändigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz energetika ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlygy täze ýörelgeler esasynda ýola goýmaga gönükdirilen, şol sanda energiýa serişdelerini öndürmek, üstaşyr geçirmek we sarp etmek meselelerini kadalaşdyrýan BMG-niň köpugurly halkara hukuk resminamasyny döretmek barada ýurdumyzyň teklibini iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça tagallalary birleşdirmegi teklip etdi. Bu ugurda Türkmenistan agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda energiýa serişdelerini ygtybarly ibermek barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň üç Kararnamasynyň awtory bolup çykyş etdi. Munuň özi mundan beýläk-de bilelikde işlemek üçin gowy esas bolup durýar. Bu ugurdaky işi ösdürmek bilen, ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär.
“Energiýa serişdelerine erkin, durnukly we deňhukukly elýeterliligi üpjün etmäge çagyrýarys. Munuň özi artykmaçlyk bolman, eýsem, syýasy gurluşyna, ykdysady mümkinçiliklerine, geosyýasy ýagdaýlara garamazdan, her bir halkyň we döwletiň tebigy hem-de kanuny hukugydyr” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi meselesine hem şeýle netijeli çemeleşýändigini belledi
“Türkmenistanda tebigy gazyň esasynda wodorod energetikasyny ösdürip başlamaga girişmek arkaly bu ugurda ähli gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlar bilen giňden işleşmäge taýýardyrys. Şunuň bilen baglylykda, 10 ýyllyk döwür üçin wodorod energetikasyna geçmek boýunça ählumumy Maksatnamany döretmek başlangyjyny teklip edýäris we biz BMG bilen şeýle resminamany işläp taýýarlamagy ara alyp maslahatlaşmaga açykdyrys” diýip, Gahryman Arkadagymyz çykyşynda belledi.
Şu gezekki forumyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri goldamak hakynda ýene bir mowzugy barada aýdylanda, Türkmenistanyň bu meselede eýeleýän orny anyk we aýdyňdyr. Bu döwletlere suwa, has giň manyda suw serişdelerine, şeýle hem deňiz ýollaryna deň we deňhukukly elýeterlilik üpjün edilmelidir. Şeýle çemeleşme diňe bir syýasy-hukuk däl, eýsem, ahlak esasly şert bolup hem çykyş edýär. Ol häzirki we geljek nesilleriň öňünde jogapkärçilik bolup durýar.
Çykyşynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri halkara Wena forumyny guraýjylara işlemäge döredilen amatly şertler üçin minnetdarlygyny bildirip, maslahata gatnaşyjylara Birleşen Milletler Guramasynyň belent taglymlaryny hem-de gymmatlyklaryny durmuşa geçirmegiň bähbidine üstünlikli we netijeli işlemeklerini arzuw etdi.
Forumyň alypbaryjysy çuň many-mazmunly çykyşy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, beýan edilen teklipdir başlangyçlaryň möhüm ähmiýetini belledi.