Türkmenistan we Hytaý çagalaryň saglygyny goramakda tejribe alyşýarlar

Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 15-nji aprelde Arkadag şäherinde boldy. Saparyň çäklerinde myhmanlar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasyna baryp gördüler we gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen duşuşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar saglygy goraýyş, ynsanperwerlik we adaty däl lukmançylyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. O.Atabaýewa iki ýurduň lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gol çekilen täze Ähtnamanyň taryhy ähmiýetini we çagalaryň saglygyny dikeltmekde hytaý tejribesini öwrenmäge bolan gyzyklanmany belledi.

Hytaýly hünärmenler gaznanyň amala aşyrýan asylly işlerine, hususan-da, bäş ýylyň dowamynda näsag çagalara berlen durmuş we lukmançylyk kömegine ýokary baha berdiler. Myhmanlara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilen häzirki zaman şertleri we bejeriş usullary barada giňişleýin maglumat berildi.

Sapar maksatnamasynyň dowamynda wekiliýet agzalary Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine baryp, ippoterapiýanyň (at bilen bejeriş) aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Şeýle hem myhmanlar üçin «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýörite çykyşy görkezildi.

Gepleşikleriň ahyrynda Hytaýyň wekiliýet ýolbaşçysy Türkmenistan bilen lukmançylyk ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklady we myhmansöýerlik üçin ýurt ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.


Yza

Şeýle hem okaň