Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji aprelde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Bellenişi ýaly, iň ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan dialog uly mümkinçilikleri açyp, syýasy-diplomatik ulgamda ýakyn hyzmatdaşlyk üçin berk binýady emele getirýär. Ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek babatda amatly şertleri üpjün edýär.

Pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ugurlaryň giň gerimini, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat, tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýandygy bellenildi. Ýangyç-energetika ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen mawy ýangyjynyň Hytaýa iberilmegini üpjün edýän gaz geçirijini gurmak boýunça amala aşyrylan bilelikdäki taslama bu hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken resminamasyna laýyklykda, Hytaýyň “CNPC” korporasiýasy bilen bilelikde “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyryny özleşdirmäge girişiler.

Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň “Bir guşak, bir ýol” hytaý başlangyjy bilen utgaşdyrylmagynyň çäklerinde ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem ösüş depgini bilen tapawutlanýar. Hytaý ýurdumyzyň iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Dokma senagaty, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Hytaý bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.


Yza

Şeýle hem okaň