Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde 21-nji aprelde uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen bu bäsleşik «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Munuň özi barha ýakynlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzda guralýan toý çäreleriniň üstüni ýetirdi.

Bahar paslynyň hoştap howaly pursatlary, Ak bugdaý etrabynyň gaýtalanmajak gözellige eýe bolan çäkleri çapyksuwarlaryň hem-de bedewleriň ruhuny belende göterýär. Häzirki döwürde milli atşynaslyk ulgamynda bäsleşikleriň esasylarynyň biri bolan marafon ýaryşlary barha uly meşhurlyk gazanýar. Oňa gatnaşýan bedewleriň sanawy munuň şeýledigini äşgär edýär.


Yza

Şeýle hem okaň