Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mejlisler zalynda häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň derejesine we ornuna bagyşlanan mowzuklaýyn duşuşyk geçirildi. Bu çäre paýtagtymyzyň dürli iş ugurlarynyň, döwlet edaralarynyň we okuw mekdepleriniň zenan wekillerini bir ýere jemledi. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň ykdysadyýetiň we döwlet dolandyryşynyň dürli pudaklaryna wekilçilik edýän işjeň agzalary çykyş etdiler.
Çäre oňa gatnaşyjylara özara pikir alyşmaga mümkinçilik berdi we şu günki günde Türkmenistanyň bilim, saglygy goraýyş, hukuk ulgamy hem-de döwlet dolandyryşy ýaly ugurlarynda zenanlaryň eýeleýän köptaraply ornuny aýdyň görkezdi.