Prezident Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň sammitinde täze başlangyçlar bilen çykyş etdi

Astana şäherinde 22-nji aprelde Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak we hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak boýunça möhüm teklipleri öňe sürdi. Döwlet Baştutany Gazagystanyň gazna başlyklyk eden döwründe bitiren işlerine ýokary baha berip, Aral meselesiniň halkara derejede syýasy we ahlak jogapkärçiligidigini belledi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ozal öňe süren halkara başlangyçlarynyň, şol sanda BMG-niň Aral deňzi baradaky ýörite Kararnamalarynyň we sebit üçin niýetlenen Ýörite maksatnamasynyň (UN SPAS) ähmiýetine ünsi çekdi. Çykyşda ekologik howpsuzlygyň sebitiň abadançylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy bellenilip, howanyň üýtgemegi boýunça Aşgabatda döredilýän sebit merkeziniň ýakyn wagtda işe başlajakdygy habar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow AHHG-nyň şertnama-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagy we halkara donorlar bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegi teklip etdi. Şeýle hem dünýädäki geosyýasy we ykdysady üýtgeşmeleri göz öňünde tutup, BMG bilen AHHG-nyň hyzmatdaşlygy baradaky täze Kararnamanyň üstünde bilelikde işlemegiň zerurdygy nygtaldy.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Baştutany Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmegi kabul edip alan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe üstünlikler arzuw etdi. Maslahat sebit döwletleriniň ekologik wehimlere garşy agzybir we ylalaşykly hereket etmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.


Yza

Şeýle hem okaň