Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 22-nji aprelde Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşlarynda birnäçe başlangyçlary hödürledi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
Mundan başga-da hormatly Prezidentimiz “RES 2026 EXPO” halkara sergisi bilen tanyşdy. Bu sergi Merkezi Aziýanyň «ýaşyl» geljeginiň tehnologik gözden geçirilişine öwrüldi.
Türkmenistanyň «RES 2026 EXPO» halkara sergisindäki milli pawilýony döwletimiziň baý medeni mirasynyň, häzirki zaman ekologiýa ulgamynda gazanan üstünlikleriniň özboluşly sazlaşygynyň aýdyň beýanyna öwrülip, köpugurly gymmatlyklary bilen myhmanlaryň ünsüni çekdi.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Gazagystana amala aşyran iş sapary köptaraply dialogy pugtalandyrmakda möhüm tapgyr bolup, ýurdumyzyň sebit hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.