Gazagystanyň paýtagtynda 22-nji aprelde Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow AHHG-nyň hukuk we institusional binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak baradaky başlangyjy öňe sürdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Teklibiň esasy maksady gaznany sebitde ekologik krizisiň netijelerini ýeňip geçmek üçin dünýäniň iň döwrebap tehnologiýalaryny we iri möçberli maýa goýumlaryny çekmäge ukyply bolan täze derejeli platforma öwürmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany AHHG-nyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegi çaltlandyrmagyň zerurdygyny nygtady. Bu özgertmeler guramanyň işini diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem halkara giňişliginde ýuridik taýdan goragly we netijeli gural hökmünde pugtalandyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem gaznanyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara gatnaşyklarynyň derejesini we hilini düýpli ýokarlandyrmak, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze Kararnamalarynyň üsti bilen bu düzümiň halkara derejesini tassyklamak teklip edildi.
Şeýle çemeleşme AHHG-nyň dünýäniň öňdebaryjy maliýe institutlary we halkara donorlar bilen has işjeň hyzmatdaşlyk etmegine şert döreder. Gaznanyň binýadynyň we iş mehanizmleriniň döwrebaplaşdyrylmagy Merkezi Aziýanyň ekologik howpsuzlygyny üpjün etmekde innowasion çözgütleriň we dünýä tejribesiniň sebitimize yzygiderli gelmegini üpjün eder.