Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen Türkiýäniň öňdebaryjy halkara žurnallarynyň biri bolan «Business Türk» Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan ýörite sanyny çap etdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
Bu neşirde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň taryhy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda syýasy, ykdysady, durmuş we hukuk ulgamlarynda, şeýle-de ylymda we medeniýetde gazanylan üstünlikler giňişleýin beýan edilýär.
Şeýle hem žurnalda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň mümkinçilikleri we sebit döwletleriniň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek meselelerine bagyşlanan makalalar ýerleşdirildi.
Žurnalyň ýörite sanynda çap edilen makalalaryň awtorlary, şol sanda Türkiýäniň görnükli döwlet işgärleri, syýasatçy-alymlary we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň özboluşlylygyny hem-de onuň sebit durnuklylygyny üpjün etmekdäki möhüm ornuny aýratyn nygtaýarlar.
Umuman, žurnal Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görülýän döwürde ýurdumyzda bolup geçýän möhüm wakalar, şeýle hem sebit we dünýä derejesinde durnukly ösüşe gönükdirilen halkara başlangyçlar barada okyjylara giňişleýin maglumat berýär.