Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 22-nji aprelde Astanada Sebitleýin ekologiýa sammitinde çykyş edip, Merkezi Aziýanyň ekologiýa meselelerini çözmek üçin iki sany möhüm düzümi — Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini hem-de Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyçlary öňe sürdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda döretmek teklip edilýär. Bu ýöriteleşdirilen düzüm sebitde howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde iň döwrebap ylmy-tehnologik çözgütleri we innowasiýalary durmuşa ornaşdyrmak bilen meşgullanar. Merkez halkara derejedäki iň gowy ylmy gazanylanlaryň Merkezi Aziýanyň şertlerine uýgunlaşdyrylmagyny üpjün eder.
Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu merkeziň esasy maksady topragyň ýaramazlaşmagyna we çölleşme hadysasynyň güýçlenmegine garşy amaly çäreleri utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Täze düzüm sebit döwletleriniň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirip, topragyň gurplulygyny saklamak we täze tokaý zolaklaryny döretmek boýunça bilelikdäki işleri alyp barar.
Bu teklip edilýän merkezleriň işi ekologik töwekgelçiliklere we wehimlere has takyk, kämil hem-de amaly tejribä daýanyp garşy durmaga mümkinçilik berer. Şeýle merkezleriň gönüden-göni sebitiň çäginde, ekologik taýdan möhüm obýektleriň golaýynda ýerleşmegi olaryň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga we milli düzümler bilen hyzmatdaşlygyň tejribesini toplamaga ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiziň bu başlangyçlary Türkmenistanyň sebitde «ýaşyl» ösüş ýörelgelerini we durnukly ekologik standartlary ornaşdyrmaga ygrarlydygyny ýene bir gezek subut etdi. Täze merkezler sebitiň tebigy serişdelerini gorap saklamak we geljekki nesiller üçin amatly ekologik gurşawy döretmek ugrunda möhüm gural bolup hyzmat eder.