Daşkentde Türkmen-özbek ykdysady forumy geçirildi

4-nji oktýabrda Daşkent şäherindäki «Ýaşnabad» innowasion tehnoparkynda guralan türkmen-özbek ykdysady forumy ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşiklere işewürlik taýdan özboluşly badalga berdi, bu toplumda innowasion häsiýetli taslamalar amala aşyrylýar, dürli ugurlarda ylmy işläp taýýarlamalar we barlaglar geçirilýär.
Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalaryna açyk asmanyň astyndaky meýdançada goýlan, Özbegistanda öndürilýän awtoulaglar hem-de oba hojalyk tehnikalary görkezildi, bu tehnikalar eýýäm Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde özüniň netijelidigini subut etdi. Binanyň içinde hem daşary bazarlarda uly islege eýe bolan Özbegistanda öndürilýän harytlaryň dürli görnüşleri görkezildi.
Şu ýylyň awgust aýynyň başynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisinde hem belli özbek kompaniýalarynyň harytlarynyň uly üstünlik bilen görkezilendigini ýatladýarys.
Bularyň ählisi taraplaryň her biriniň ösüşiniň we abadançylygynyň möhüm şerti bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ykdysady foruma gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy uzak möhletleýin esasda guralýan hem-de iki ýurduň Liderleri tarapyndan amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy maksatlaryna doly kybap gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly üns berýärler.
Iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de işewürler toparlarynyň ýolbaşçylarynyň syn beriş çykyşlarynda dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna işjeň goşulyşýan goňşy ýurtlaryň üstünlikli amala aşyrýan durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň many-mazmuny açylyp görkezildi.
Häzirki wagtda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň Türkmenistanyň we Özbegistanyň örän baý tebigy serişdeleriniň hem-de bar bolan ägirt uly ykdysady hem-de eksport kuwwatynyň dürli ugurlarda, hususan-da, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat, himiýa senagaty, elektroenergetika, oba hojalygy pudaklarynda, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygy bellenildi.
Özbek tarapyna türkmen ykdysadyýetiniň binýatlyk pudaklarynyň gazanan üstünlikleri we ýeten sepgitleri, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän ähli babatlarda güýçli ykdysadyýetli hem-de adamlaryň barha ösýän abadançylygyny üpjün edýän we okgunly ösýän döwleti gurmak strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berýän ýörite wideoşekiller görkezildi.
Yzly-yzyna görkezilýän şekillerde ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň ösüşini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça deňi-taýy bolmadyk giň möçberli işleriň barşy hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde täze obalary we şäherleri, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen iri senagat kärhanalaryny, durmuş-medeni we düzümleýin maksatly köp sanly desgalary gurmak boýunça taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylyşy barada gürrüň berilýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işi hem giňden beýan edildi. Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynda ýurdumyzyň telekeçilerine milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda, eksport ugurly hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde uly orun berilýär.
Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň wekillerini innowasion ykdysadyýeti döretmäge çekmek bilen, olara uly goldaw berilýär. Bu bolsa ýurdumyzda öndürilen harytlaryň içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönüden-göni ýardam edýär.
Häzir Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary iş ýüzünde öňdebaryjy işläp düzmeleri ulanmak arkaly giň möçberli şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Günbe-günden özgerýän ak mermerli Aşgabatda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde dürli maksatly täze desgalaryň gurluşyklary munuň aýdyň mysalydyr. Ýokary innowasion tehnologiýalar hem-de nou-haular şol gurluşyklaryň aýrylmaz bölegidir.
Forumyň çäklerinde iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary geljegi has uly bolan ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk ädimleriň birnäçesini bellediler. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, önümçilik birleşmelerini giňeltmek we çuňlaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek, täze tehnologik işläp düzmeleri ulanmak hem-de innowasion ykdysadyýeti döretmek boýunça işjeň tejribe alyşmak bilelikdäki işiň esasy ugrudyr. Yzygiderli esasda işewürler maslahatlaryny, ykdysady sergileri, işjeň duşuşyklary hem-de gepleşikleri geçirmek şol işleriň ilerlemegine gönüden-göni ýardam eder.
Ikitaraplaýyn resminamalaryň 13-sine, şol sanda jemi ABŞ-nyň 13,5 million dollaryna golaý bolan eksport-import amallaryny amala aşyrmak baradaky resminamalara gol çekilmegi Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarlylygynyň, ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge hem-de çuňlaşdyrmaga iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändiginiň subutnamasy boldy.
Türkmen-özbek ykdysady forumyna gatnaşyjylar gazanylan ylalaşyklaryň iki döwletiň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Forum tamamlanandan soň, aýry-aýry ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet we hususy düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.


Yza

Şeýle hem okaň