Baýramaly şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 1-nji iýunynda Baýramaly şäheriniň Soltan-Sanjar
köçesiniň 21-nji jaýynda ýerleşýän Medeniýet bölüminiň edara binasynda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Baýramaly şäheriniň Soltan-Sanjar köçesiniň 21-nji
jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
800564-6-93-46;
800564-6-93-45.