Mary şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 1-nji iýunynda Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň 51-nji jaýynda ýerleşýän Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
adyndaky medeniýet köşgüniň edara binasynda sagat 09:00-dan 11:00-a çenli
aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň
51-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin
telefon belgiler:
800522 6-36-98;
800522 6-71-31.