Gubadag etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 1-nji iýunynda Gubadag şäheriniň Özbekistan
köçesiniň 31-nji jaýynda ýerleşýän Gubadag etrabynyň Döwlet ätiýaçlandyryş
guramasynyň edara binasynda sagat 09:00-dan –
12:00-a çenli boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de
hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen
bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa,
şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de
hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş
edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Gubadag etrabynyň Döwlet ätiýaçlandyryş
guramasynyň edara binasy, Gubadag şäheriniň Özbekistan köçesiniň 31-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin:
(800345) 2-08-92.