S.Türkmenbaşy etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda S.Türkmenbaşy şäheriniň Gurluşykçy
köçesiniň 8-nji jaýynda ýerleşýän S.Türkmenbaşy etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda sagat 09:00-dan –
12:00-a çenli boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de
hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen
bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa,
şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de
hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş
edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
S.Türkmenbaşy etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölüminiň edara binasy, S.Türkmenbaşy şäheriniň Gurluşykçy köçesiniň 8-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin:
(800349) 3-03-31.