Soňky dört ýylda türkmen-özbek özara söwda dolanyşygy 400 million dollardan geçdi

Soňky dört ýylda türkmen-özbek özara söwda dolanyşygy üç esse artdy. Şu ýylyň başyndan bäri söwda dolanyşygy 25% ýokarlandy we 400 million dollardan geçdi. Bu barada şu gün Daşkentde geçirilen türkmen we özbek liderleriniň ikiçäk duşuşygynyň dowamynda bellenildi.

Duşuşykda 14-nji sentýabrda geçirilen Hökümetara toparyň 16-njy mejlisiniň, şeýle hem 4-nji oktýabrda Daşkentde geçirilen Türkmen-özbek ykdysady forumynyň netijeleriniň özara peýdaly söwda we ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmäge hyzmat etjekdigi bellenildi.

Aýry-aýrylykda iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleri aýratyn nygtaldy. Muňa mysal hökmünde Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň 22-nji sentýabrynda Özbegistanyň Buhara we Horezm sebitlerine dostlukly saparlaryny görkezmek bolar. Prezidentler şeýle yzygiderli duşuşyklaryň iki ýurt bilen halklaryň arasynda özara düşünişmegi we jebisligi güýçlendirmek üçin hyzmat etjekdigini bellediler.

Duşuşykda suw pudagyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi. Taraplar 13-nji sentýabrda Daşkent şäherinde hökümetara suw dolandyryş meseleleri boýunça toparyň ilkinji mejlisiniň üstünlikli geçirilendigini bellediler. Şeýle hem sebit we halkara gün tertibi barada pikir alyşdylar. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw ýygnaklarynyň yzygiderli geçirilmeginiň we şu ýylyň 6-njy awgustynda Awazada geçirilen soňky ýygnakda gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.


Yza

Şeýle hem okaň