Buharestde Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan medeni sergi açyldy

Buharest şäherindäki Milli rumyn daýhançylyk muzeýinde 2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy tarapyndan guralan «Türkmenistan: Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy – mirasyň we medeniýetiň baýramy» atly medeni serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Çykyşlarda Türkmenistanyň milli medeni mirasy gorap saklamak, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek we medeniýetara dialogy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň ähmiýeti bellenildi.

Sergide milli amaly-haşam sungatynyň nusgalary, haly önümleri, milli egin-eşikler we şaý-sepler, fotosuratlar hem-de garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň gazananlaryna bagyşlanan neşirler görkezildi. Sergi türkmen halkynyň baý medeni mirasyny we onuň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryna goşýan goşandyny şöhlelendirdi.


Yza

Şeýle hem okaň