Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy
şäheriniň zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenbaşy
şäheriniň Türkmenbaşydaky
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumynda sagat 10:00-dan–12:00-a çenli boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Türkmenbaşy şäheriniň Türkmenbaşydaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumy.
Habarlaşmak üçin:
(800243) 6-06-95;
(800243) 5-00-94.
Okamak