Balkan welaýatynyň Zähmet we
ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Etrek etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Etrek etrabynyň Etrek şäheriniň Magtymguly
köçesiniň 34-nji jaýynda ýerleşýän Etrek etrap häkimliginiň mejlisler zalynda sagat 10:00-dan – 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Etrek etrabynyň Etrek şäheriniň Magtymguly köçesiniň
34-nji jaýy, Etrek etrap häkimliginiň mejlisler zaly.
Habarlaşmak üçin:
(800242) 4-09-10.
v