Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbuna ýurduň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Prezident Abdelmajid Tebbuna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Alžiriň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi