Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýanyň Prezidentini Respublikanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Edgar Rinkewiçe hem-de ýurduň ähli halkyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Prezident Edgar Rinkewiçe tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, Latwiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň