29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi açyp, şu günler hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň zähmet rugsadynda bolup, «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň üstünde işlemegi tamamlandygy we bu eseriň çapdan çykandygy baradaky hoş habary aýtdy. Döwlet Baştutanymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda neşir edilen kitabyň ähmiýetini nygtap, onuň geljek 30 ýyl üçin kesgitlenen belent maksatlara üstünlikli ýetmekde halkymyza ruhy goldaw berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra Milli Geňeşiň ýolbaşçylarynyň we wise-premýerleriň hasabatlaryny diňlän hormatly Prezidentimiz 2-nji maýda Oraza baýramyny bellemek baradaky resminama hem gol çekdi.
Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Ulag-ekspedisiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakynda düzgünnamany tassyklamak barada, Muzeýlere «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda Kararlara we Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanynda döredilen Maliýe gözegçiligi gullugy hakynda Düzgünnama hem gol çekdi.
Başga bir Karara laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda 18 müň 300 gektar meýdana şaly ekip, ondan 82 müň 400 tonna hasyl almak bellenildi.
Döwlet Baştutanymyza ÝUNESKO bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek taýýarlanan teklipler barada hem hasabat berildi. Şeýle hem Yslam Ösüş bankyndan onuň umumy maýasynyň artmagyna ýurdumyzyň gatnaşmagy baradaky gelip gowşan teklip döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Şeýle hem Hökümet mejlisinde Bäherden tikin fabrigi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjysy hökmünde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň 40 göterim hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Gerçek ýigit” hususy kärhanasynyň 60 göterim möçberli paýly gatnaşmagynyň teklip edilýändigini habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisde ýangyç-energetika toplumynyň yzygiderli diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, bölünip berlen maýa goýumlary öz wagtynda özleşdirmek baradaky meýilnamany bellenilen möhletinde ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek babatda hem anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň hem-de Döwlet baýdagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň möhümdigini hem belledi.