Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Oraza baýramy mynasybetli gutlady.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Oraza baýramynyň mazmunynda we dessurlarynda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda baý durmuş tejribesi esasynda kämilleşdirilip, nesilden-nesle geçirilip gelinýän hem-de mynasyp dowam etdirilýän belent ynsanperwer ýörelgelerimiziň, ruhy we ahlak gymmatlyklarymyzyň, ynanç-ygtykatlarymyzyň jemlenendigi nygtalýar. Şoňa görä-de, Oraza baýramy agzybirligimizi hem-de jebisligimizi pugtalandyrýan baýram hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýdýar.
Sizi mukaddes Oraza baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, mübärek Oraza aýynda amal edilen tagat-ybadatlar, öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap berlen agzaçar sadakalary, okalan aýat-töwirler, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abadançylygynyň, bütin adamzadyň bagtyýar hem parahat durmuşynyň hatyrasyna edilen dilegler, arzuw-umytlar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagt we maşgala abadançylygyny arzuw edýärin diýen sözler bilen Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy jemlenilýär.