Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza baýramynyň giňden bellenilýän gününde agtyklary bilen “Aşgabat” söwda we dynç alyş, işewürlik merkezine geldi. Baýram günlerinde bu topluma gelip-gidýänleriň sany has köp bolýar.
Milli binagärligiň ajaýyp däplerini hem-de dünýäniň şähergurluşyk meýillerini özünde jemleýän bu merkez geçen ýyl şanly senäniň öň ýanynda — ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanmaga berildi.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Remezan aýynyň tamamlanmagy bilen, asylly däbe öwrülen Oraza baýramynyň hormatyna yglan edilen baýramçylyk gününde agtyklary bilen söwda we dynç alyş merkeziniň dükanlaryna aýlanyp, bu ýerde söwda etmek, şeýle-de çagalar bilen wagtyňy gyzykly we peýdaly geçirmek, dabaraly çäreleri guramak üçin döredilen ýokary derejeli mümkinçilikler bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz toplumyň çagalar üçin niýetlenen söwda bölümlerine aýlanyp, agtyklaryna sowgatlary satyn aldy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz merkezde hödürlenilýän hyzmatlar üçin minnetdarlyk bildirip, agtyklary bilen bu ýerden ugrady.