Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi

3-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz sebitleriň ýolbaşçylaryna gowaça ekişini öz wagtynda tamamlamak, endigan gögeriş alnan meýdanlarda bejergi işleri geçirmek, möhüm oba hojalyk möwsümlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda guramaçylykly alyp barmak barada tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynyň iň jogapkärli möwsümleriniň biri bolan galla oragyna hem taýýarlyk görüp başlamagyň wagtynyň gelendigini belledi. Sebitleriň ýolbaşçylaryna ýazlyk ýeralmanyň we soganyň bereketli hasylyny kemala getirmek üçin bu ekinlere ideg etmek, beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Pile öndürmek möwsüminiň dowam edýändigi bilen baglylykda, welaýatda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygy aýdylyp, bu babatda häkime degişli tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna, şeýle-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň haýal depginde alnyp barylýandygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň ilatynyň isleglerini nazarda tutup, Änew, Hazar, Şatlyk şäherlerinde, Ruhubelent we Döwletli etraplarynda metjitleri, sadaka berilýän binalary gurmak baradaky teklipleri makullady.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlerde kemçiliklere ýol berendigi üçin, Ahal welaýatynyň häkimi Ýazmuhammet Gurbanowa we Mary welaýatynyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýewe käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi tabşyrdy.

Şeýle hem , hormatly Prezidentimiz şaly hasylyny ösdürip ýetişdirmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin, Daşoguz welaýatynyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradowa käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi tabşyrdy.


Yza

Şeýle hem okaň