Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

5-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de olaryň işiniň ýakyn geljek üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. 

Şeýle hem döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de olaryň işini täzeçil usullardan peýdalanmak arkaly has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabatlary diňläp, mejlise gatnaşyjylara anyk tabşyryklary berdi.

Korrupsiýa garşy göreşmek bilen baglanyşykly meseleler aýratyn üns merkezinde boldy.Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, halkyň we döwletiň emlägine göz gyzdyryp, haramlyk edýän jenaýatkärlere garşy göreşmek babatda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, geljekde-de korrupsiýanyň we parahorlugyň köki-damary bilen soňuna çykmak boýunça ähli zerur çäreleriň görüljekdigini nygtady.

Korrupsiýa we parahorluga garşy alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de güýçlendirmek maksady bilen, prokuratura, kazyýet we adalat edaralaryna milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak hem-de degişli tertipde hödürlemek tabşyryldy.

Adalat ministrine ýol hereketiniň howpsuzlygyny mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynyň taslamalaryna hukuk taýdan seredip, teklipleri bermegi dowam etmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz içeri işler edaralarynda tussaglykdan boşap gelen adamlaryň doly hasabyny ýöretmegi we häkimlikler bilen bilelikde olara işe ýerleşmäge, durmuşa uýgunlaşmaga ýardam bermek boýunça ähli zerur işleri ýerine ýetirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem mejlisiň çäklerinde tomus möwsümine taýýarlyk görmek, aýratyn-da, daşky gurşawda döräp bilaýjek ýangyn howpunyň öňüni almak boýunça meseleler öňe sürüldi.

Döwlet serhet gullugynyň Hojalyk müdiriýetiniň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda azyk önümlerini öndürmek hem-de gullukda ulanylýan bedew atlaryny we türkmen alabaý itlerini köpeltmek, olaryň tohumçylygyny ösdürmek bellenildi. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gümrük serhedi arkaly harytlaryň daşalmagynyň we ulag serişdeleriniň gatnamagynyň kadalarynyň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtap, degişli işleriň umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda geçirilmegine hem-de Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar tarapyndan kesgitlenen kadalara laýyklykda, ýurdumyza getirilýän harytlary zyýansyzlandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere hemişe gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň işlerini has-da döwrebap derejede guramak, olary dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri esasynda mundan beýläk-de ösdürmek üçin uzak möhletli meýilnamalary kabul etmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu edaralary ösdürmek boýunça 2022 — 2028-nji ýyllar üçin 7 ýyllyk meýilnamalaryň taslamalarynyň gysga wagtyň içinde işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmek we olary bellenen tertipde tassyklamak üçin hödürlemek tabşyryldy. 


Yza

Şeýle hem okaň