Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýylyň 4 aýynyň jemlerine seredildi

6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesine garaldy.

Hökümet mejlisinde ilki bilen wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz döwletimiziň bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini görkezýändigini belledi. Ýurdumyzda şu döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejede saklandy. 

Döwlet Baştutanymyz degişli wise-premýere Hazar deňzindäki nebitgazly ýataklary maýa goýum serişdeleriniň hasabyna özleşdirmegi we TOPH transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmagy, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça beýleki halkara taslamalaryň üstünde işlemegi hem tabşyrdy.

Hökümet mejlisinde Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň depginlerini çaltlandyrmak hem-de ýurdumyzyň içinde energetika halkasyny döretmek we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamy çekmek işlerini dowam etmek boýunça hem tabşyryklar berildi.

Mejlisde nygtalyşy ýaly, ilatyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmak we öz öndürip biljek önümlerimiziň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmak boýunça işler güýçlendirilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze okuw meýilnamalaryny we has ähmiýetli ugurlar boýunça maksatnamalary taýýarlamaga aýratyn üns berilmelidigini hem belledi. Sporty ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamak babatda wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.

Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisini hepdede bir gezek geçirmek teklip edilip, Hökümet mejlisinde şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, ulaglaryň ähli görnüşlerinden hem-de ýapyk binalardan başga ýerlerde agyz-burun örtüklerini aýyrmak baradaky teklip hem öňe sürüldi.

Şeýle hem dünýäde СOVID-19 ýokanjyna garşy öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawynyň ýokarydygyny göz öňünde tutup, BAE we GFR-iň Frankfurt şäherine howa gatnawyny hepdede bir gezek, pandemiýadan ozalky alnyp barlyşy ýaly ýola goýmak teklip edilýär.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi şu ýylyň 15-nji maýyndan başlanar, 25-nji maýdan bolsa içki howa gatnawlarynyň ählisi dikeldiler we deňizýaka dynç alyş zolagyna ýörite gatnawlar ýola goýlar.

9-njy maýda jemgyýetçilik guramalary tarapyndan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýlar we uruşdan gaýdyp gelmedik watandaşlarymyz hatyralanar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu çäreleriň döwletimiziň durmuşynda möhüm ähmiýetli syýasy wakadygyny, şoňa görä-de, olaryň ýokary derejede geçirilmelidigini aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Hökümetiň agzalaryna Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisine gözegçilik edýän pudaklarynda we tutuş ýurdumyzda sanlylaşdyrmagyň barşy baradaky hasabatlary taýýarlamagy tabşyrdy.

Hökümet mejlisinde möhüm resminamalaryň birnäçesi gol çekildi.


Yza

Şeýle hem okaň