9-njy maýda Türkmenistanda uly baýram — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy dabaraly bellenildi. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasyna Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow, milli parlamentiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow uruş we zähmet weteranlaryny, kümüş saçly enelerimizi, bu ýere ýygnananlaryň ählisini mübärekläp, 9-njy maýda bellenilýän Ýeňiş gününiň taryhy ähmiýetini nygtady.
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş taryhy waka bolup, onuň kynçylykly, ýowuz ýyllaryny biziň ata-babalarymyz hem başdan geçirdi. Häzirki döwürde biz şol gahrymanlarymyzyň bitiren beýik işlerini, görkezen gahrymançylygyny ýatlaýarys, olaryň sarpasyny belent tutýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere gelen diplomatlary baýram bilen mähirli gutlap, Türkmenistanda geçirilýän ähli jemgyýetçilik we syýasy çärelere işjeň gatnaşýandyklary üçin sagbolsun aýtdy.
Öz nobatynda, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, Gahryman Arkadagymyzy hem-de ähli türkmenistanlylary Beýik Ýeňiş baýramy bilen gutlady. Doly ygtyýarly wekiliň belleýşi ýaly, Türkmenistan öz weteranlaryna hormat goýýar we Watan üçin, diýmek, şu günki ýurt üçin janlaryny gurban edenleri unutmaýar. “Munuň özi diňe janlaryny gurban edip, aramyzdan gidenler üçin däl-de, eýsem, biziň döwürdeşlerimiz we geljekki nesiller üçin hem möhümdir” diýip, ilçi nygtady.
Soňra bu ýerdäki ýadygärliklere Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gül çemenleri goýuldy.
Soňra uruş weteranlary, diplomatlar hem-de dabaraly çärä gatnaşyjylaryň ählisi — frontçylaryň ogullary, agtyklary, çowluklary, milli gahrymanlarymyzyň edermenliginiň öňünde baş egmäge gelenleriň hemmesi gül desselerini goýdular.
Şol gün ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde agyr synaglara mertlerçe döz gelen edermen ildeşlerimiz sarpalandy. Konsert meýdançalarynda aýdym-sazlar, peşgeş berlen asuda durmuş üçin milli gahrymanlara hoşallyk sözleri ýaňlandy.