Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleri bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi

10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýlary bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada TDH habar berýär.

Welaýat häkimleriniň hasabatlarynda ýerlerde galla oragyny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri, welaýatyň gowaça meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleri, hatarara bejerginiň geçirilişi barada aýdyldy.

Sebitlerde ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek ugrunda toplumlaýyn işler talabalaýyk alnyp barylýar. Ýüpek gurçugyna ideg etmek, pile taýýarlamak işlerini talabalaýyk alyp barmak ugrunda-da zerur tagallalar edilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlaryna guran iş saparlarynyň netijeleri barada giňişleýin hasabat berdi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň bu sebitleriniň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekin meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleri, ösüş suwunyň tutulyşy we şol bir wagtyň özünde galla oragyna taýýarlyk talabalaýyk derejede guralypdyr.


Yza

Şeýle hem okaň