Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12-nji maýda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy TDH-nyň resmi saýtynda paýlaşylýar.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine we «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda üstünlikli alnyp barylýar. Ol daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlamentara guramalaryň we assambleýalaryň işine gatnaşmak, parlamentara dostluk toparlaryny döretmek, bilelikdäki parlament çärelerini guramak arkaly durmuşa geçirilýär. Munuň özi Bitarap döwletimiziň halkara başlangyçlaryny goldamakda möhüm gural bolup durýar. Bu işde biziň taýýarlan, halkara gatnaşyklarda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze pelsepämiz işjeň durmuşa geçirilýär.
«Merkezi Aziýa — Russiýa Federasiýasy» görnüşinde sebitde ilkinji gezek geçirilýän Parlamentara forum däp bolan dostlukly türkmen-rus, türkmen-gazak, türkmen-gyrgyz, türkmen-täjik, türkmen-özbek gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolar ― diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.
«Şu forumyň pikir alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüljekdigine hem-de Merkezi Aziýanyň döwletleri we Russiýa Federasiýasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mümkinçilik berjekdigine, biziň ýurtlarymyzyň halkara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de netijeli hem-de köptaraplaýyn ösdürmäge hyzmat etjekdigine ynanýaryn» diýlip, hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda aýdylýar.