Türkmenistanyň we Täjigistanyň parlament palatalarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy, Duşenbe şäheriniň Başlygy Rustam Emomali bilen 11-nji maýda geçiren duşuşygynyň dowamynda, esasan, parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH ýazýar.

Myhman 12-nji maýda Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin geldi. Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda özara hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtap, soňky wagtda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary çalt iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, netijeli parlamentara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň hem-de giňeltmegiň wajypdygy aýratyn nygtaldy. Şol gatnaşyklar türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmäge we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň kuwwatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Taraplaryň pikirine görä, oňyn döwletara hyzmatdaşlygyň esaslaryny pugtalandyrmak babatdaky wezipeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça geçirilýän işler bilen baglylykda, iki dostlukly ýurduň parlamentarileriniň arasynda mundan beýläk-de yzygiderli tejribe alşylmagyna, duşuşyklara hem-de geňeşmelere uly ähmiýet berilmelidir.

Ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň öňde duran wezipeleri Rastam Emomali bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowanyň arasyndaky duşuşykda hem ara alnyp maslahatlaşyldy.


Yza

Şeýle hem okaň