Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi

12-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu forumy geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi ― diýip, Döwlet habarlar agentligi ýazýar.

Foruma gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Talant Mamytow, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa Türkmenistana geldiler.

Gahryman Arkadagymyz çykyşyny ýurdumyzyň taryhyna nazar aýlamakdan başlamak bilen, türkmen parlamentiniň Garaşsyzlygymyz bilen ýaşytdaşdygyny belledi. Ýöne milli parlamentarizmiň many-mazmuny we häsiýeti asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, beýleki ýurtlardan gelen dostlarymyzyň we kärdeşlerimiziň türkmen parlamentiniň nähili edaradygyna has gowy düşünmekleri üçin geçmişe gysgaça syn berildi. Şu ýerde onuň hakyky halk parlamentidigi, onda uly tejribä eýe bolan adamlaryň hem, ýaşlaryň hem — dürli sosial gatlaklaryň wekilleriniň işleýändigini buýsanç bilen aýtmak bolar. Olaryň ählisini bir maksat — halka we döwlete hyzmat etmek maksady birleşdirýär.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň parlamentara hyzmatdaşlygy dürli wezipeleriň köpüsiniň çözülmegini göz öňünde tutýar diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we olaryň esasylary barada durup geçdi.

Dünýädäki ýagdaýyň çylşyrymlaşýan döwründe halkara hukugyň, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň berkarar bolmagynda, hukugyň ret edilmegine, esasy halkara institutlaryň wezipeleriniň hem-de ygtyýarlyklarynyň ýoýulmagyna garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmek möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň parlamentlerini has işjeň we bilelikde işlemäge, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda hem-de Parlamentara Bileleşikde netijeli işlemäge çagyrdy. 

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaşlaryň parlamentara gatnaşyklarynyň gurallaryny döretmegi we olardan netijeli peýdalanmagy teklip etdi. Munuň özi geljege goşantdyr. Häzirki ýaş parlamentarileriň köpüsi öz ýurtlarynyň döwlet dolandyryşynda, daşary syýasatda, ykdysadyýetde, bank ulgamynda esasy wezipeleri eýeläp bilerler. Şu kuwwatdan peýdalanmak, ýaşlaryň parlamentara işiniň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek zerurdyr.

Munuň özi zenan parlamentarileriň işine hem degişlidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Rehim-şepagatlylyk we duýgudaşlyk duýgusy güýçli bolan eneler, aýallar, uýalar halkara gatnaşyklaryny has-da ynsanperwerleşdirmäge, onuň üstüni şu dünýäde ýaşamaly geljekki nesiller, çagalarymyz, agtyklarymyz hakyndaky alada bilen ýetirmäge ukyplydyrlar.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde hem biziň parlamentarilerimize uly we döredijilikli işler garaşýar. Azyk howpsuzlygy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, elýeterli lukmançylyk we bilim biziň ýurtlarymyzyň parlamentarileriniň hemişe üns merkezinde bolmaly wezipeleriň diňe bir bölegidir.

Şu ýerde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy foruma gatnaşyjylaryň ünsüni Aral deňziniň meselesine çekdi. Bu mesele Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjylar hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisine gönüden-göni degişlidir. Türkmenistan mundan birnäçe ýyl ozal Russiýa Federasiýasynyň Aralyň ekologiýa betbagtçylygyny ýeňip geçmek işine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigi we taýýardygy barada resmi taýdan beýan edendigine ýokary baha berýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin BMG-niň howandarlygynda Ýörite maksatnamany işläp taýýarlamak we kabul etmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Merkezi Aziýa döwletleri we Russiýa tarapyndan utgaşykly parlament goldawyna umyt edýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Häzirki wagtda pandemiýa we onuň netijelerine garşy göreşmekde halkara tagallalara ýardam bermek, ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ilerletmek möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy foruma gatnaşyjylara bu ugurda gatnaşyklary işjeňleşdirmek çagyryşy bilen ýüzlendi.

Günüň ikinji ýarymynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy öz işini plenar mejlislerde “Döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasy: häzirki zaman tejribesi we hyzmatdaşlyk”, “Lukmançylyk diplomatiýasy: tejribe alyşmak — öňe gitmegiň ynamly ýoly”, “Ekologiýa abadançylygynyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna sebit hyzmatdaşlygy” mowzuklary boýunça dowam etdirdi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň işiniň netijeleri onuň jemleýji mejlisinde jemlenildi hem-de kabul edilen jemleýji resminamada — Aşgabat Jarnamasynda öz beýanyny tapdy.


Yza

Şeýle hem okaň