Gahryman Arkadagymyz halkara sylaglara mynasyp boldy

Türkmeistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň çäginde ýokary sylaglaryň birnäçesine mynasyp boldy. Bu barada TDH habar berdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşulular Geňeşiniň başlygy Eldar Allahýar ogly Guliýew türkmen parlamentiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny “Hormatly aksakgal” altyn ordeni bilen sylaglady.

Soňra “Azerbaýjan dünýäsi” halkara žurnalynyň esaslandyryjysy we baş redaktory, “Dede Korkut” milli gaznasynyň başlygy Eldar Ismaýyl ogly Ismaýylow Gurbanguly Berdimuhamedowy “Ýer ýüzünde parahatçylygy üçin” milli baýrak hem-de “Ulu türk” altyn ordeni bilen sylaglady.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko öz gezeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli döredilen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdiň kabul edilendigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli resminama okaldy.

Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa “МПА СНГ. 30 лет” ýubileý medalyny we degişli şahadatnamany gowşurdy.


Yza

Şeýle hem okaň