18-nji maýda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän goşa baýramy belledi ― diýip, TDH habar berýär.
Şu ýyl Watanymyzyň taryhynda uly ähmiýeti bolan Esasy Kanunyň kabul edilmeginiň we mukaddes tugumyzyň döredilmeginiň 30 ýyllyk senesi bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň we Baş baýdagyň ýanynda şanly seneleriň hormatyna guralan dabaralara gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz goşa baýram mynasybetli bu binalara ajaýyp gül çemenini goýdy. Soňra dabaralara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerdiler.
Şol gün “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde guralan ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk konsertleri ýurdumyzyň ähli şäherlerinde, obalarynda, döwrebap medeniýet öýlerinde we açyk konsert meýdançalarynda geçirildi. Olarda milli tanslar ýerine ýetirildi, Garaşsyz Watanymyzy, ýaşlygy, ruhubelentligi wasp edýän ajaýyp aýdymlar ýaňlandy.