Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyzy 18-nji maýda bellenilýän Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlady.
«Bu sene Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar» diýlip, döwlet Baştutanynyň Gutlagynda aýdylýar.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr.
Gutlagy TDH dolulygyna paýlaşdy.