Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy ― diýip, Döwlet habarlar agentligi ýazýar.
Dabara Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy we işgärleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Täze neşiriň rus dilinde çapdan çykmagy ýyl-ýyldan pugtalandyrylýan türkmen-rus hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli waka bolup, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze taryhy eýýamda döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan saldamly goşandynyň ykrarnamasyna öwrüldi.