Ýurdumyzyň iň täze taryhyndaky şanly seneleriň öň ýanynda paýtagtymyzda “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 30 ýyl: täze taryhy eýýam we kanun çykaryjylyk işiniň häzirki zaman tejribesi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan forumy ýurdumyzyň Milli Geňeşi gurady.
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen foruma Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary hem-de Halk Maslahatynyň agzalary, görnükli alymlar, syýasatşynaslar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, jemgyýetçilik birleşikleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar çagyryldy.
Maslahatyň umumy mejlisinde we bölümçelerinde milli buýsanjymyz, milli döwletlilige eýe bolmagymyzyň nyşanlary, türkmenistanlylaryň watançylyk duýgularyny, döredijilik ruhuny, zähmet joşgunyny artdyrýan mukaddesliklere — Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Döwlet baýdagyna bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.