Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 19-njy maýda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümetiň nobatdaky iş maslahatynyň dowamynda täze iş orunlaryny döretmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.
Hökümet ýygnagynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz diňe bir ýurduň ilatyny iş bilen üpjün etmegiň zerurlygy barada durup geçip, suw çeşmelerinden tygşytly peýdalanmaga, hususy telekeçiligi höweslendirmäge, daşary ýurtlardan we içerki maýa goýumlaryny çekmäge çagyrdy. Bu çäreleriň ählisi Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.
«Türkmen halky «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýýär. Şoňa görä-de, pudaklarda maýa goýumlaryny netijeli özleşdirip, döwrebap önümçilikleri işe girizmek, şäherdir obalarda, hatda çet ilatly ýerlerde-de goşmaça iş orunlaryny döretmegi dowam etdirmek, ilatymyzyň ak ýürekden, yhlasly zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek, halkyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak biziň esasy borjumyzdyr» diýip, döwlet Baştutanymyz belläp geçdi.