Türkmenistanyň Prezidenti orta mekdepleriň uçurymlaryny we bilim işgärlerini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlaryny we bilim işgärlerini «Soňky jaň» dabarasy bilen gutlady. Bu barada TDH habar berýär.

«Soňky jaň» dabarasy bagtyýar ýaşlarymyzda ata Watanymyza beýik buýsanjy artdyrýan bilimler baýramydyr» diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelýän «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň bilimlerini hem-de ylymlaryny, güýç-gaýratlaryny eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine bagyş etjek ýaşlarymyzy täze belent maksatlara ruhlandyrjakdygyna ynam bildirýär.

«Nesip bolsa, 2022-2023-nji okuw ýylyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek ÝUNESKO kafedralary hereket edip başlar, orta mekdeplerimiziň birnäçesi bu guramanyň Mekdepler bileleşiginiň düzümine giriziler. Munuň özi halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen, ýurdumyzyň ägirt uly bilim mümkinçilikleri bolan döwlet hökmünde abraýynyň dünýä dolmagy ugrunda ähli tagallalary edýändigimizi görkezýär» diýlip, Gutlagda aýdylýar.

«Ösüp gelýän nesillerimize ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek milli bilim ulgamynyň wajyp wezipesi bolup durýar. Şoňa görä-de, bilim özgertmelerini has-da işjeňleşdirmek, bu işiň döwrüň talaplaryna we halkara standartlara laýyklygyny üpjün etmek, mugallymlaryň hünär ussatlyklaryny, okatmagyň usullaryny nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek babatdaky işler utgaşdyrylyp dowam etdirilmelidir. Ýaş nesillerimiziň bilimleriň we ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini özleşdirmekleri, olarda ýokary ahlak sypatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek üçin mugallymlarymyz hemişe döredijilik gözleginde bolmalydyr» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar.


Yza

Şeýle hem okaň