«Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!» Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin guwandyryjy wakalaryň biridir. Şu mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda aýdylýar. Gutlagy TDH dolulygyna paýlaşdy.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bu köpugurly sergi ata Watanymyzyň paýtagtynyň dürli ugurlarda ýeten belent sepgitlerini görkezmäge mümkinçilik berer, halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň dowamynda şäherde ençeme iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalary hem-de desgalary gurup, ulanmaga bermegi we olaryň düýbüni tutmagy maksat edinýäris. Täze taryhy eýýamda paýtagtymyzda bina ediljek täze desgalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm ähmiýete eýedir» diýlip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.