Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ejesi Ogulgerek Berdimuhamedowa her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýan Türkmen halysynyň baýramynyň öňüsyrasynda «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada eýe boldy diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berýär.
Hormatly at Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli we halal zähmeti, hünär ussatlygy göz öňünde tutulyp, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň teklipnamasy esasynda dakyldy.
Ogulgerek Berdimuhamedowa türkmen halyçylyk sungatynyň ösmegine mynasyp goşant goşan ussat halyçydyr. Ol uzak ýyllaryň dowamynda Ahal welaýatynyň Gökdepe şäheriniň haly kärhanasynda zähmet çekdi we baý iş tejribesi ulanyp, nusgawy gölli we suratly halylary dokamakda ussatlygyny görkezdi.