Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Russiýanyň ýokary sylagy — «Dostluk» ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi diýip, «TDH» Döwlet habarlar gullugy habar berýär.
«Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Sizi Russiýanyň «Dostluk» ordeni bilen sylaglanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky pugta özara düşünişmegi hem-de hoşniýetli gatnaşyklary alamatlandyrýan bu şanly waka, goý, Sizi iki ýurduň halky üçin hem, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak üçin hem strategik ähmiýete eýe bolan netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň ýörelgelerini has-da rtdyrmak ugrunda geljekde-de döredijilik ylhamyna ruhlandyrsyn! Size tüýs ýürekden buýsanýan we ýurduňyzyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işiňizde uly üstünlik, berk jan saglyk, bagt arzuw edýärin» diýip, 25-nji maýda Döwlet habarlar agentliginiň saýtynda çap edilen gutlag hatynda bellenilýär.
Hatynyň ahyrynda Rustam Minnihanow Russiýanyň we Türkmenistanyň doganlyk halklarynyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi.