Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

29-njy maýda ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli birnäçe çäreler guraldy. Bu barada TDh habar berdi.

Baýramçylyk mynasybetli guralan esasy çäreler paýtagtymyzda boldy. Bu ýer-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХХII mejlisi geçirildi, ol “Arşyň nepisligi — türkmen halysy” diýlip atlandyryldy. Ýurdumyzyň söw-da toplumynda sergi guraldy we sungat eseri bolan ajaýyp halylary dokaýan ussat halyçylary sylaglamak dabarasy boldy.

Şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryna Gutlag iberdi.

Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän üç günlük sergi haly we dokma pudaklaryny, söwda toplumyny ösdürmegiň ýolunda gazanylýan üs-tünlikleriň, öňdebaryjy tehnologiýalary, täzeçil işläp taýýarlamalary ornaşdyr-magyň hasabyna hereket edýän düzümleri döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasydyr.

Söwda-senagat edarasynda günüň ikinji ýarymynda geçirilen “Arşyň nepisligi — türkmen halysy” atly Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХХII mejlisi hut şu ugruň ösdürilmegine bagyşlandy. Dünýäniň ylmy we işe-wür wekillerini, sungat eserlerini, gadymy nusgalary toplaýan alymlary, dürli ýurtlaryň halyşynaslaryny bir ýere jemlän halkara düzümiň nobatdaky mejli-sinde türkmen halyçylyk sungatynyň taryhy, häzirki döwri we geljekki ösüşi baradaky çykyşlar diňlenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmen halysynyň milli muzeýinde ýurdumyzyň ussat halyçylaryny sylaglamak dabarasy boldy.

Paýtagtymyzdaky “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen kon-sert pudagyň işgärleri, köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Tutuş ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dürli duşuşyk-lar, sergiler, ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri, konsertler we beýleki köpçülikleýin çäreler geçirildi.


Yza

Şeýle hem okaň