30-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, öňde boljak şanly senelere ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada TDh habar berýär.
Iş maslahatynyň dowamynda welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna guramaçylykly girişmek, şol bir wagtyň özünde gowaça agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini geçirmek we sebitiň durmuş düzümini kämilleşdirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler, ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümleriň bolçulygyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler baradaky meselelere seredildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneler, şol sanda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda häkimlere degişli görkezmeleri berdi.