Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Gutlagyny iberdi.
Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralaryň, döredijilik sergileridir bäsleşikleriniň, şadyýan we gyzykly çäreleriň Watanymyzyň röwşen ertirleriniň dowamaty bolan mähriban körpelerimiziň, tutuş halkymyzyň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylan üstünliklere çäksiz buýsanç döretjekdigine berk ynanýaryn diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda aýdylýar.
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şu nukdaýnazardan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, irki döwürden çagalary terbiýelemek, okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işi geljekde has-da kämilleşdiriler. Dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň gurluşyklary dowam etdiriler.
Gutlag TDH-nyň saýtynda dolulygyna paýlaşylýar.