1-nji iýunda asylly däbe görä, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu barada TDH ýazýar.
Aşgabatdaky baýramçylyk çärelerine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Gahryman Arkadagymyzyň hemaýaty, Arkadagly Serdarymyzyň sowgady çagalara, şol sanda paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýänlere dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli gazna tarapyndan durmuş goldawyna mätäç çagalara sowgat üçin 500 müň manat gönükdirildi.
Çagalar bagtyýar durmuş ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi, özleriniň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalandygy üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirilen haýyr-sahawat çäreleri hem aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşdy.