Döwlet Baştutanymyz türkmen halkyna Bütindünýä welosiped güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyzy halkara baýram — Bütindünýä welosiped güni bilen gutlady we bu ajaýyp baýramçylygyň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere buýsanjymyzy has-da ýokarlandyrjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti öz gutlagynda döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwatynyň, medeni ösüşiniň halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden hem-de ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydygyna ünsi çekdi. 

Gutlagda Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtalýar. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnamany kabul edendigini aýratyn belläp geçdi. Şeýle hem ýene-de Türkmenistanyň başlangyçlary bilen üstümizdäki ýylyň 15-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna iberen Gutlagynyň doly ýazgysy bilen TDH-niň saýtynda we merkezi metbugatda tanşyp bilersiňiz.


Yza

Şeýle hem okaň