Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi geçirildi

4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

Mejlisde jemi içerki önümiň ösüş depgini, bank-maliýe ulgamyny kämilleşdirmek, döwlet býujetini, salgyt ulgamyny, bank we pul-karz syýasatyny üstünlikli alyp barmak, sanly salgyt işi boýunça alnyp barylýan işler boýunça meselelere seredildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda içerki gatnawlardaky çäklendirmeleriň ýeňilleşdirilmegi, azaldylmagy bilen bagly ýolagçy we ýük gatnawlaryny artdyrmak, ýolagçy gatnatmak boýunça hyzmatlaryň ýokary hilini hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini hem nygtady. Halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly, bäsdeşlige ukyply şertleri döretmek arkaly ýurdumyzyň multimodal logistika mümkinçiliklerinden doly peýdalanylmalydyr we bu ugur mundan beýläk-de işjeň ösdürilmelidir.

Mejlisde içerki bazary daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan senagat önümleri we gurluşyk serişdeleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi. Elektron senagatda döwrebap önümleriň öndürilmegini üpjün etmek babatda hem degişli görkezmeler berildi.

Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça maksatnamany durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak babatda degişli işler geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow döwlete dahylsyz pudagyň kuwwatyny doly derejede ulanmak, şol sanda daşary ýurtlara ibermek üçin çig maly gaýtadan işlemek boýunça gyssagly çäreleri işläp taýýarlamagy we durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz medeni ulgama gözegçilik edýän wise-premýere kagyzda çykarylýan gazet-žurnallary elektron görnüşe geçirmek boýunça işleri işjeň dowam etdirmek, bu ugurdan zerur hünärmenleri taýýarlap, redaksiýalaryň işgärleriniň wezipe sanawyny kesgitlemek, möhüm wezipe bolan sanly ykdysadyýete geçmek boýunça alnyp barylýan işleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmegi güýçlendirmek tabşyryldy.

Şeýle hem mejlisde degişli wise-premýere halkara derejede «Sanly bilim» ulgamyny döretmegiň meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak we ony Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisleriniň birinde teklip etmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary işler ministri R.Meredowa ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň we daşary ýurtlaryň hökümet wekiliýetleriniň saparlaryna, Halkara Bitaraplyk gününe, şeýle-de beýleki halkara meselelere bagyşlanan maslahatlara, çärelere gowy taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hökümet mejlisinde döwlet bähbitli möhüm meseleleriň başga-da birnäçesine seredildi.


Yza

Şeýle hem okaň